Şu gün, ýagny 17-nji fewralda Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekdäki orny» atly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty Gulmet Penaýew çykyş etdi. Onuň yzysüre maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň kanunçylyk esaslary, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ylmy esaslary, ulag pudagynda sanly tehnologiýalar ýaly birnäçe mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aragatnaşyk we elektrik üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzasy Perman Allamyradowyň Türkmenistanyň demir ýol ulaglarynda döwrebap hyzmatlaryny aýdyň açyp görkezýän giňişleýin, many-mazmuna baý çykyşy maslahata gatnaşyjylarda «polat ýol» ady bilen tanalýan, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hereketlendiriji kuwwaty bolan demir ýol ulaglary pudagyna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrandygyny aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Ýene bellemeli zatlaryň biri «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň Bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri Hajymämmet Nyýazgeldiýewiň Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy pudagynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ähmiýeti hakynda beren gürrüňleri örän täsirli boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.