Русский
Habarlaşmak

HALKYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup berilmegi, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşini, halk bähbitli işleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny beýan edýär. Şeýle hem ykdysady ösüşleriň halkyň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilmegi bellärliklidir. Şunda adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýandyklary guwandyrýar. Bu aýdyň netijeler durmuş – ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar.

    Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berilýän kuwwatly desgalar ykdysady ösüşlerimiziň ýokarydygynyň kepili bolup durýar. Häzirki wagtda bu desgalarda öndürilýän önümler hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle kuwwatly desgalar dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Çünki şeýle kuwwatlykly desgalaryň aýratynlygy olaryň geljekki ösüşleriň hem berk binýady bolup durýanlygyndadyr. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümler diňe bir ýokary hilliligi bilen tapawutlanman, eýsem, tebigy taýdan arassalygy bilen hem uly ähmiýete eýedir. Bu görkeziji bolsa dünýä bazarynda türkmen önümleriniň uly islegden peýdalanýandygyny görkezýär. Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, ýurdumyz ösüşiň täze derejesine, döwrebap mümkinçiliklere eýe bolýar. Bularyň ählisi sanly tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, işleriň ylmy esasda alnyp barylýandygyny beýan edýär. 

    Goý, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!