24 Fewral, 2024
Ýük daşamagy yzarlamak boýunça tertipler tassyklandy

Ýakynda geçirilen Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň Geňeşiniň mejlisinde ýük daşamagy yzarlamak boýunça nawigasiýa möhürlerini ulanmak bilen baglanyşykly Tertipleriň ikisi tassyklandy. Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, munuň özi degişli mehanizmi işe girizmek üçin zerur resminamalaryň iň soňkusydyr.
Resminamalaryň birinjisinde — milli operatorlaryň, ygtyýarly operatorlaryň (edaralaryň) we gözegçilik ediji edaralaryň hereketlerini amala aşyrmagyň Tertibinde yzarlaýyş obýektine we onuň soňky ulanylyşyna, şeýle hem nawigasiýa möhrüniň ugrunda (ulagda ýük daşamakda) Ýewraziýanyň Ykdysady komitetine agza ýurtlaryň çägindäki ugurlar boýunça nawigasiýa möhürleriniň aradan aýrylan ýagdaýynda hem gözegçiligi dowam etdirmek utgaşdyrylýar.
Ikinjisi — Ýewraziýanyň Ykdysady komitetine agza ýurtlaryň çägindäki yzarlaýyş obýektiniň ugry boýunça (ýük daşamakda) nawigasiýa möhrüni çalyşmagy we yzarlaýyş obýektiniň ugry (ulagda ýük daşamakda) boýunça nawigasiýa möhrüni çalyşmaga rugsat berlen ýagdaýlary utgaşdyrmakda milli operatorlaryň, ygtyýarly operatorlaryň (edaralaryň) we gözegçilik ediji edaralaryň hereketlerini amala aşyrmagyň Tertibi.
Ýewraziýanyň Ykdysady komiteti 2023-nji ýylyň aprelinde Ýewraziýanyň Ykdysady bileleşiginde ýük ulagyny yzarlamak üçin nawigasiýa möhürlerini ulanmak baradaky Ylalaşygyň güýje girendigini belleýär.