Русский
Habarlaşmak

WATANYMYZY HEMMETARAPLAÝYN ÖSDÜRMEK

Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde kabul edilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.


   Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen geçen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalar kabul edildi. Ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.


   Soňky ýyllarda giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi. Multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, demir ýol ulaglaryny, port düzümlerini ösdürmek we goldamak üçin Türkmenistan döwlet bilen hususy pudagyň özara hyzmatdaşlygyny has-da ilerledýär.