Русский
Habarlaşmak

HALKARA DEREJELI ÜSTÜNLIK

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy uly hormatdan nyşandyr.


   Halkara festiwalynyň dowamynda geçirilen dabarada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habara begenen il-günümizde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň üstünlige beslenjekdigine uly ynam, buýsanç döretdi.


   Sirk sungatynyň meşhurlygyny has-da artdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak, sirk sungatynyň däplerini dowam etdirmek festiwalyň esasy maksadydyr. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilmegi tomaşanyň şowhunyny has-da artdyryp, özboluşly milli öwüşgin çaýýar. Bu sungatyň hak aşygy bolan artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda ussatlyk bilen çykyş edýärler.