Русский
Habarlaşmak

PUDAKARA TIZLEŞDIRIJI

Häzirki zaman dünýäsinde ulag diňe bir adamlary gatnatmakda, harytlary ondan-oňa daşamakda hyzmatlary we infrastrukturany hödürlemän, eýsem, deňsizligi aradan aýyrmak, zenanlaryň hukuklarydyr mümkinçiliklerini giňeltmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly Durnukly ösüşiň aýry-aýry maksatlaryna ýetmekde pudagara tizleşdiriji hasaplanýar. Ine, şu hakykat bolsa soňky ýyllarda «Durnukly ulag — durnukly geljek» şygaryň döremeginde öz beýanyny tapýar. Bu barada ilkinjileriň hatarynda Gahryman Arkadagymyz: «Biz ulag meselesi boýunça ählumumy gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen BMG-niň derejesine çykyp, häzirki wagtda onuň durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gönüden-göni baglydygyndan ugur aldyk» diýip belläp geçýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljekde ulag pudagynda mundan beýläk-de uly ösüşlere ýetjekdiginiň subutnamasydyr.