Ýük dolanşygynyň möçberini artdyrmak we düýpli abatlaýşa degişli bolan teplowozlary abatlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň lokomotiw öndüriji zawodynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşdy.
Baglaşylan şertnama laýyklykda, 20 (ýigrimi) sany ýük teplowozlar öndüriji zawod şertlerinde Hytaýda düýpli abatlanyldy we häzirki wagtda olaryň ählisi ýurdumyza getirildi. Bu ýük teplowozlary işe girizilip, üstaşyr, eksport, import ýüklerini daşamakda ulanylýar.
Teplowozlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi olaryň hereketiniň we çekijilik kuwwatynyň artmagyna hem-de iş öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyna itergi berdi.
Hytaýda düýpli abatlaýyş işleri geçirilen teplowozlarda döwrebap we häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylnagy bilen, olarda ýükleriň uly möçberde we uzak aralyklara daşalmagyna uly mümkiçilikleri döretdi.
Demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.