Zaripbaý Durdybaýew ömrüniň 34 ýylyny «Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýetinde abatlaýjy, sazlaýjy wezipelerine bagyş eden halypa ussadyr. Ol durky bilen öz işine berlenleriň biridir.
1992-nji ýylyň gyzgyn tomsunda ilkinji gezek egnine abatlaýjynyň ýörite lybasyny geýen dogumly ýaş hünärmen «Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýetinde işe girişýär. Gerek ýerinde abatlaýyş sehindäki kärdeşleri bilen deň durup ýadamany-ýaltanmany bilmän, kärine yhlas bilen ýapyşan abatlaýjy ussanyň edilýän işleriň kynlygyny däl-de ählisini ýerine ýetirip boljakdygyna bolan ynamy üstünliklere ýetirýär.
«Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýetinde işleýänleriň aglabasy abatlaýjy ussalar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen ýük wagonlarynda ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Onuň düzüminde wagonlary ýygnaýjy, arabalary abatlaýan, mehaniki, tigir jübütleri abatlaýan, reňkleýji, awtoduruzyjylary abatlaýan we beýleki kömekçi sehleri bolup, bu sehlerde işleýän işgärler özleriniň irginsiz zähmeti bilen hojalyk jemgyýetiniň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.