«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzyň maý aýynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisine häzirki günden taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Demir ýol ulaglary pudagy halkara daşamalar ulgamynda möhüm orun eýeläp, döwletleriň arasyndaky durnukly ykdysady gatnaşyklaryň berk binýady bolup hyzmat edýär.
Geçiriljek mejlisiň gün tertibine laýyklykda,geçirilýän mejlislerde kabul edilýän çözgütleriň ýerine ýetirilişi, demir ýol administrasiýalaryň halkara ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnatmalarynyň görkezijileri we netijeliligi hem-de ýolagçy, ýük we konteýner otlularynyň tertibini düzmekligiň meýilnamalaryny, nyrh syýasatynyň we demir ýol administrasiýalaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleler maslahatlaşylar.
Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary S.Nurberdiýew Aşgabatda ýakynda geçirilen SPEKA-nyň Ykdysady forumynda eden çykyşynda ýurdumyzyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetlerini ýokary derejede kabul ediljekdigi barada nygtap, foruma gatnaşyjylary bu mejlise goşulmaga çagyrdy. Aşgabat sebiti möhüm ulag çatrygyna öwürmek ugrunda işjeň işleýär we hyzmatdaşlaryny geljegi uly bolan logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Hususan-da, ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Pars aýlagynyň we Hindi ummanynyň portlaryna göni çykmagyny üpjün etmegi göz öňünde tutulýan Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman geçelgesiniň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin hemişe açykdygy barada belledi.
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry bolup durýan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran (GTE) halkara demir ýoluna aýratyn üns berilmegi, bu ugruň diňe bir sebitiň döwletleri üçin däl, eýsem, Russiýa we Hytaý ýaly iri ykdysady taýdan ösen ýurtlar üçin hem Oman aýlagynyň portlaryna iň amatly ýoldugyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly, bu ýagdaý transmilli taslamanyň ykdysady özüne çekijiligini ýokarlandyrar we täze töleg ukyply bazarlara ýol açar.