Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň çaginden Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça halkara ähmiýeti bolan ýol-ulag infrastrukturalary yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň halkara üstaşyr-ulag geçelgesi hökmünde hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk sebit döwletleri tarapyndan uly gyzyklanmalara eýe bolýar. Deňiz ýoly, suw ulaglary ýükleri we ýolagçylary ýokary hilli, tiz we howpsuz daşamakda aýratyn möhüm orna eýedir. Bu aýdylan ýokary talaplary ödäp, hil babatda ýokary derejeleri gazanmak üçin döwletimiz tarapyndan suw ulag serişdeleri — gämiler yzygiderli satyn alynýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny emele getirýän esasy üç düzüm böleginiň biri gämi gurluşyk we abatlaýyş toplumy bolup durýar. Işe girizilen ilkinji gününden başlap bu gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody täze gämileri gurmak we öňden ulanyşda bolan gämileri abatlamak boýunça hyzmatdaş ýurtlardan yzygiderli buýurmalary kabul edip başlady.
Gahryman Arkadagymyz geçen dekabr aýynda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna guran saparynyň barşynda portuň işi bilen gyzyklandy. Portuň ähli düzümlerinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy halkara ýükleri daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri berýär. Portuň işine ösen tejribeler, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi portuň işine bildirilýän ösen häzirki zaman talaplarynyň doly berjaý edilýändigini aýdyň görkezýär. Bu ýerde işleriň durnukly ösüş esasynda öňe barýandygy döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejelerine çykarmaga giň gerimde çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, ýükleriň aýry-aýry görnüşleri boýunça aýratyn terminallarynyň bolmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylandygy onuň Hazarýaka ýurtlaryň portlary bilen hyzmatdaşlyklary ýokary derejede ýola goýmagyny üpjün edýär.
Şeýle mümkinçilikleri halky üçin döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.