Русский
Habarlaşmak

2025-nji ýylda halkara ulag geçelgelerinden demir ýol ýük gatnawlary artdyryldy

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesinden ýük gatnawlaryny ösdürmek, üstaşyr, halkara daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri we hilleri yzygiderli ýokarlandyrylyp, gatnawlar üçin ýük daşaýjylara amatly demir ýol nyrhnamalary ýeňillikleri döredilýär.

 


    Ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, «Demirgazyk – Günorta», «Lapis - Lazuli», «Gündogar – Günbatar» halkara ulag geçelgelerinden ýurdumyzyň üsti bilen üstaşyr, import hem-de eksport ýük dolanşygyny artdyrmak boýunça häzirki döwürde amatly hasaplanylýan konteýner ýük dolanşygy giňden ulanylyp başlandy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 320 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda, üstaşyr 10 470, eksport 6 450 we import 4 400 sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 200 konteýnere ösüş gazanyldy.

 


   Şeýle-de, Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran,Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa, Özbegistan- halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Özbegistan- Azerbaýjan-Gruziýa, ugurlaryndan hasabat döwründe jemi 74 sany konteýner otlulary üstaşyr amala aşyryldy.

Demir ýol ulaglary pudagynyň ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.