Mälim bolșy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara derejede ýaýbaňlandyrylyp geçirilýän «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara sergisi we maslahaty öz dowam edýär. Giň gerime eýe bolýan halkara konferensiýalaryň çäklerinde degişli pudaklaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt pudak ýolbaşçylarynyňdyr orunbasarlarynyň gatnaşmagynda, şeýle hem daşary ýurt iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşuklaryň ençemesi guralýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmen-gazak, Türkmen-eýran, Türkmen-pakistan ýaly birnäçe duşuşyklaryň, mundan başga-da, «China Harbour Engineering Co., Ltd», «VOSSLOH FASTENING SYSTEMS GMBH», «Railway Transportation Co.», «Arterial» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr dolandyryjylary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýma we ony pugtalandyrmak boýunça söhbetdeşlikler guraldy.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri şeýle ähmiýetli duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «China CAMC Engineering Co.,» kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy. Bu bolsa geljege uzaýan uzak möhleýin hyzmatdaşlyga nyşandyr.