Türkmenistanda häzirki wagtda Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur taýýarlyk çäreleri görülýär. Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu barada hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.