Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mulambo Haimbeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine garadylar.
Ýeri gelende bellesek, Zambiýa Respublikasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň ministrler derejesindäki ulag konferensiýasynda işjeň gatnaşypdy.