Русский
Habarlaşmak

R.Meredow azerbaýjanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Azerbaýjanyň DIM-ine salgylanyp, «Report» habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

«Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly pikir alyşdylar we hyzmatdaşlyga esaslanýan däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler» diýlip, habarda bellenilýär.

Ministrler döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki syýasy dialogyň, saparlaryň hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitdäki howpsuzlyk meselelerini, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy we Hazar sebitindäki gatnaşyklaryň ýagdaýyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.