6-njy maýda konsul B.Ýazow we Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň 3-nji sekretary E.Permanow Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory hanym Aaýza Şujat bilen duşuşdylar.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň häzirki meseleleri we olary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň soňunda taraplar iki ýurduň bähbitleri üçin işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we yzygiderli duşuşyklary geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.