Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Beýan edilişi ýaly, azerbaýjan Lideri hatynda türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salam bilen ýüzlenýär we Azerbaýjan bilen Türkmenistany gadymdan gelýän däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belleýär.
Prezident Ilham Aliýew ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly şahsy goşandyna ýokary baha berýändiklerini nygtaýar. Ol şeýle-de hatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde doganlyk Türkmenistanyň ösüşiniň we halkara abraýynyň barha artmagynyň guwandyryjydygyny ýazýar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny öz ýurduna sapar bilen çagyrýar.
— Siziň bilen duşuşyklarymyzy, söhbetdeşliklerimizi hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ynanyşykly dialogymyzy dowam etdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak maksady bilen, Sizi sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrýaryn. Bu saparyňyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Iň ýakyn wagtda görüşmek umydy bilen, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işleriňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin — diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hatynda ýazýar.