Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminamalara gol çekmek iki tapgyrda geçirildi. Olaryň birinji tapgyryna “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumyndan, ikinji tapgyryna bolsa Ýeliseý köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekildi.
Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň netijeleri boýunça şu dört Ähtnama gol çekildi:
— Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşiklerden soňra şu resminamalara gol çekildi:
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama;
— Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”;
— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
— Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
— «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.