Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Orly» Halkara howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde Gahryman Arkadagy Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.
Dostlukly ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadaga şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.