28-nji aprelde Arkadag şäherinde Täjigistan Respublikasynyň ykdysady ösüş we söwda minisrti Zawki Zawkizoda hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri Mämmetguly Astangulow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistanyň “Howar” milli habarlar agentligi belleýär.
Zawki Zawkizoda iki döwletiň Başutanlarynyň – Täjigistan Respublikasynyň hormatly Prezidenti, Milli Lider Emomali Rahmonyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatlarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we olaryň täze derejä çykarylandygy barada belledi.
Taraplar özara söwdanyň möçberiniň, ýük daşamalaryň, üstaşyr söwdanyň ösdürilmegine, şeýle hem senagat kooperasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny beýan etdiler.
Täjik tarapy Türkmenistany 2025-nji ýylyň 29-31-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Buzlyklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça işleri has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.