Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek halkara maslahatda metbugat wekillerine gowy iş şertlerini döretmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany metbugat wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy. TDH-niň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Awazada geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde aýtdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.