Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menziline bardy we Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, ol ýerden Aşgabada ugrady. Döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabada çenli uçuşy amala aşyran Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary paýtagt şäheriň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany mähirli garşylanyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Awazada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Soňra döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentine gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.

Şu gün, iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we onda çykyş edip, täze howa menzilini dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdi.