Русский
Habarlaşmak

BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna 100-den gowrak wekiliýet gatnaşar

5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna 100-den gowrak ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. Bu barada Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahat döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçiriler. Oňa birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu wekilçilikli halkara forumy ýokary derejede, talabalaýyk geçirmek boýunça BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde degişli taýýarlyk işlerini alyp barýar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.