Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanylandygyny hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köpüsinde german önümçiliginiň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi. Şunda bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem söhbetdeşlikde bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we ýurduň Gýote instituty, Akademiki alyşmalar boýunça nemes akademiki gullugynyň (DAAD), Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary (PASCH) hem-de Akademiki alyşmalar boýunça pedagogik gullugyň (PAD) maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.
«Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2018–2019-njy ýyllarda Germaniýada «Margiananyň» bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisi üstünlikli geçirildi» diýip Gahryman Arkadag aýtdy we şeýle serginiň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylda Aşgabatda Iogann Wolfgang fon Gýotäniň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, munuň Germaniýa we onuň medeniýetine goýulýan hormatyň, Türkmenistanyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.