Русский
Habarlaşmak

Koýşybaýew: Gazagystan Türkmenistanyň transmilli energetika we ulag geçelgeleri boýunça halkara başlangyçlaryny goldaýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi hem kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Gazagystanyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigi nygtady.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň gözel keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine Gazagystanda guwanylýandygyny nygtady. Şeýle hem myhman YHG-niň forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda häzirki wagtda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň we strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Myhman Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň döredijilikli daşary we içeri syýasatyny, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň transmilli energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Liderine doganlyk Gazagystanyň gadymy Türküstan şäherinde bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.