24 Fewral, 2024
Halkara multimodal ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Türkmenistan ýurdumyz multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde täze tehnologiýalary işjeň ulanýar we bu iş sebitde hem-de dünýäde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine oňaýly täsir edýär.
Şu günki günde, ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleri Sarahs, Etrek hem-de Artyk stansiýalarynyň çäginde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiziň 20-nji şahamçasynyň ýük howlularynda hem-de hususy ýük howlularynda üstaşyr gelýän ýükleri multimodal ýollary bilen awtoulagdan wagonlara ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp ugradylanda, demirýol ulagy tarapyndan kesgitlenen ýeke-täk demirýol nyrhlary bellenildi. Ýeke-täk demirýol nyrhlarynyň kesgitlenmegi bilen, ýurdumyzdaky ýük howlularynyň işjeňleşmegine we beýleki uly möçberli ýükleriň hem ünsüni özüne çekip, bu ugurlarda üstaşyr ýükleriň artmagyna itergi bermegine, şeýle hem geljekde bu ýük howlularyny sebitde iri-ulag logistika merkezine öwürmek ugrunda ediljek işleriň biri bolmagyna getirer.
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiziň 20-nji şahamçasynyň ýük howlulary hem öz gezeginde multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň artmagyna öz goşandyny goşmak bilen, degişli bolan ýük howlularynda ähli ýükleriň awtoulagdan-wagona, wagondan-wagona ýükleme-düşürme işlerini amala aşyrmakda öz hyzmatlaryny hödürleýär.