23 Fewral, 2024
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan we taryhda öçmejek yz goýan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininiň we akyl-paýhasly sözleriniň diňe bir halkymyzyň aňynda däl, eýsem bütin dünýäniň medeni mirasynda müdimilik yz goýandygy barada aýdyp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň ähli adamzadyň ruhuna ýetirýän täsiri barada belläp, setirleriň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny tassykladylar.
Döwlet baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýä ýüzünde dana şahyrymyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmany has hem artdyrdy.