Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNICEF) ýene bir gezek hyzmatdaşlygyny berkidip, 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler. Bu ylalaşyklar Türkmenistanda çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we abadançylyklaryny Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasyna we 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurt boýunça maksatnamasyna laýyklykda öňe sürmekde umumy garaýyşlary beýan edýär.

Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

BMG-niň Çagalar Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň teleradioýaýlymlar we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň arasynda iş meýilnamalara gol çekildi.

Iş meýilnamalar çagalary goramagy, çagalar üçin bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary kesgitlärler. Mundan başga-da, iş meýilnamalar gender deňligi, ekologiýa durnuklylygy, inklýuziw syýasaty we hakyky maglumatlar esasynda syýasaty işläp taýýarlamak ýaly önümçilige degişli bolan ileri tututlýan ugurlary şöhlelendirýärler.

“Hyzmatdaşlygyň täze ýylyna gadam basmak bilen, BMG-niň Çagalar Gaznasy ozalky ýaly, bu iş meýilnamalary çagalar we ýaşlar üçin anyk netijelere durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga eýerýär. Biz hemişeki hyzmatdaşlyk we bu maksatlara ygrarlylygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýüregimizden hoşallygymyzy bildirýäris” – diýip, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belläp geçdi.