21 Fewral, 2024
Ummanyň astyndan internet kabeli geçiriler

«Google» kompaniýasy taryhda ilkinji gezek Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitini birleşdirjek ummanasty täze internet kabelini geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikan transmilli korporasiýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, uzynlygy 15 müň kilometre barabar bolan suwasty kabel ugry Çilini, fransuz Polineziýasyny we Awstraliýany birleşdirer.
Taslama geograf Aleksandr fon Humboldtyň hormatyna «Humboldt» diýlip atlandyryldy. «Humboldt» işe girizilenden soň, Ýuwaş umman sebitinde sanly aragatnaşyklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrar» diýip, «Google»-niň wekilleri belleýärler.
«Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň arasynda optiki-süýümli göni baglanyşyk Çili hökümetiniň 2016-njy ýyldan bäri maksady bolup gelýärdi we «Google» kompaniýasy bu pikiri durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk edýär» diýlip, beýanatda bellenilýär.
– Çili tehnologiýanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjydyr we hökümet bu ugurda täze maýa goýumlaryň çekilmegi üçin zerur şertleri döredýär – diýip, Çiliniň ulag we telekommunikasiýa ministri Huan Karlos Muoz aýtdy. Onuň sözlerine görä, «Google» ýaly kompaniýalaryň gyzyklanmasy Çiliniň dogry iş edýändigini görkezýär. Ministr halkyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga kömek etjek ösüşi gazanmak üçin öz mümkinçiliklerinden peýdalanýandygyny aýtdy.
Taslama Çiliniň jemgyýetçilik infrastruktura gaznasy «Desarrollo Pais» we fransuz Polineziýasynyň poçta we telekommunikasiýa bölümi (OPT) bilen bilelikde amala aşyrylýar. Kabeli 2026-njy ýyla çenli gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.