Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew 17-18-nji dekabr aralygynda Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Bu barada «nCa» Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Saparyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow we Türkmenbaşy şäheriniň häkimi A.Isaýew bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda, esasan hem energiýa, ulag infrastrukturasy, nebitgaz pudagy, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika çeşmeleriniň üstaşyr geçirilmegi we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän ulag geçelgesini ösdürmek taslamalaryna aýratyn üns berildi.
Taraplar, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin medeni çäreleri, sergileri we festiwallary geçirmek babatdaky meýilnamalar boýunça pikir alyşdylar.
Ilçi saparynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we «Garabogazkarbamid» zawodyna baryp gördi.