Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

2-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşlikde taraplar türkmen-rus gün tertibiniň esasy taraplaryny, hususan-da, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Daşary işler ministrliginiň arasyndaky gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.