Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň okuw merkeziniň wekiliýeti Almatyda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. 26 — 28-nji noýabrda bolan okuw-maslahat Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň çäginde geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady okatmagyň innowasion usullary boýunça tejribeleri paýlaşmak, okuw işine emeli aň ýaly täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň serhetçileri we gümrükçileri hem-de Ýewropadan bilermenler okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem işgärleri taýýarlamakda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada söhbetdeş boldular.

Duşuşykda okatmakda emeli aňyň ulanylyşy, işgärleriň ruhy taýýarlygy we bu ugurda geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň netijesi boýunça, 2025-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklandy diýlip, habarda bellenilýär.