Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň ýaş alymlary Soçide geçirilen kongresse gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 27-29-njy noýabrda Soçiniň «Sirius» federal çäginde geçirilen IV Ýaş alymlaryň kongressine gatnaşdy.

Wekiliýetiň düzümine S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, Tehnologiýalary geçiriji bölümiň müdiri Kadyr Amanow, şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Dawut Döwletow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa, nebit we gaz meýdançalaryny işläp düzmek we ulanmak hünär ugry boýunça iki ýaş mugallym Mahmyt Haýdarow we Rahym Girmaýew girdi.

Kongressiň esasy temasy «Ylmy-tehniki ösüşiň ileri tutulýan ugurlary: geljegi şu günden döredýäris» boldy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmenistanly ýaş alymlar Kongressiň işewürlik, sergiler we medeni maksatnamasyna gatnaşdylar.

Ýakynda geçirilen halkara bäsleşiginde «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp bolan Dawut Döwletow bu ylmy forumyň özünde galdyran täsirleri bilen paýlaşdy:

«S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby hökmünde meniň üçin kongress biziň emeli aňdan asla çekinmeli däldigimizi görkezdi, biz planetamyzyň bähbidi üçin onuň bilen özara gatnaşykda bolmalydyrys. Russiýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş alymlar bilen tanyşmak maňa ösüşiň täze gözýetimlerini açdy we ekologiýa bilen oba hojalyk ugurlarynda ylmy işleri kämilleşdirmek üçin birnäçe aýdyň pikirleri berdi. Maňa diňe bir bu foruma gatnaşmak däl-de, eýsem häzirki zaman ylmy täzelikleri açýan adamlar bilen gatnaşyk gurmak hem uly hormat boldy. Iň köp täsir galdyran zat – plastigi iýýän gurçuklary ösdürmegi başaran 14 ýaşly ýetginjegiň ylmy işi boldy. Bu usulyň geljegi diýseň uludyr».

Bu forum öňdebaryjy we düýpli barlaglar boýunça ylmyň, döwlet häkimiýetiniň we ykdysadyýetiň düzüm böleginiň arasyndaky gatnaşyklar üçin ägirt uly meýdança bolup, ylmy-tehniki ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.