Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda GDA ýurtlarynyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň 48-nji sessiýasy öz işine başlady.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Türkmen energetika forumy çykyş edýär.
Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar awtomobil ýollarynyň gurluşygy we ulanylyşy, ýol gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalaryň, önümleriň, tehnikanyň we häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşarlar.
Gatnaşyjylaryň arasynda – Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Belarusyň, Slowakiýanyň, şeýle hem Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleri bar.
Sessiýany alyp baryjy – GDA-nyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow.