20 Fewral, 2024
Türkmenistan sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly serişdelere
we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda öndebaryjy
tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň
ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly
ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar.
Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet
olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga
mümkinçilik berdi.
Häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady
bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan önümleri öndürmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, milli
programma önümleri döretmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk»
agentliginiň hünärmenleri bilen ýerli hünärmenler tarapyndan bilelikde taslamalar
taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýär.
Ýurdumyzda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler
tarapyndan edilýän hyzmatlary elektron görnüşe geçirmek, sanly ulgamlar arkaly
raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerini ýöretmeklerinde köp amatlyklary
gazanmak, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň bir bitewi e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly döredildi.
Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde «bir penjire» döwlet
hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde
jemleýär. Bu usul hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary merkezleşdirilen
görnüşde kabul etmäge mümkinçilik berýär hem-de şolary taýýarlamagyň
möhletlerine hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.
Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere
jemlenen web-saýtlarydyr, olaryň sanly hyzmatlarynyň salgylanmalary, her
ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini
anyk görkezýär. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly
ulgam arkaly hödürlenip, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna ýerleşdirildi.
Häzirki wagtda Döwlet hyzmatlar portalyna ýüzlerçe sanly hyzmatlar
ýerleşdirildi.
Şeýle hem, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň
hünärmenleri tarapyndan döwrebap « sanly.tm » milli elektron poçtasy döredilip işe
goýberildi. Bu programma çözgüdi, elektron poçtanyň ähli döwrebap
hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi döredýän modullary öz içine alyp,
elektron gözleg ulgamy, dürli görnüşdäki habarlar, howa maglumaty we
salgylanmalar ýerleşdirilen. Häzirki wagtda, « sanly.tm » milli elektron poçtasynda
döredilen elektron poçtalaryň sany 45 000-den geçdi.
Bulardan başga-da, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri tarapyndan «Start»
milli onlaýn hat habar alyş-çalyş ulgamy (messenger) döredilip, dürli
platformalarda işi ýola goýlup, diňe hat habarlary alyşmak, toparlaýyn
söhbetdeşligi guramak däl, eýsem sesli we wideo jaňlary, şol sanda toparlaýyn
amala aşyrmaga, şeýle hem dürli görnüşli elektron faýllary paýlaşmaga
mümkinçilik berýär. Ulanyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýän
bu ulgamyň häzirki wagtda ulanyjy sany 350 000-e ýetdi.
Ýurdumyzda poçta hyzmatlaryndan sanly ulgam arkaly peýdalanmaga doly
mümkinçilikler döredildi. Köpugurly «Çapar» ykjam programmanyň üsti bilen
onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlarynyň, polisiýanyň ýol
gözegçilik gullugynyň töleglerini tölemek, demir ýol we awia petekleri hem-de
teatrlaryň peteklerini onlaýn satyn almak, taksi hyzmatlaryndan peýdalanmak,
çapar çagyrmak, ýollamalary ugratmak, ýollamanyň ugry barada maglumat almak,
döwürleýin neşirlere ýazylmak ýaly hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi
döredildi.
Şeýle hem, ykjam programmada ýerleşdirilen «09 sorag-jogap» bukjasy,
ulanyjylara ýerleşýän şäherindäki kärhanalaryň we guramalaryň, gyssagly kömek
gulluklarynyň, howa menzilleriň, myhmanhanalaryň we restoranlaryň telefon
belgilerine onlaýn elýeterlilik mümkinçiligini berýär. «Çapar» ykjam
programmasy köp mukdarda maglumat we elektron hyzmatlary almak
mümkinçiligi bilen gyzyklanýan ulanyjylarynyň sanyny yzygiderli artdyryp häzirki
wagtda ulanyjy sany 166 müňden geçdi.
Bulardan başga-da, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň
« shop.post.tm » söwda platformasy ýurdumyzda halkyň sarp edýän köpdürli
önümlerini öndürijilerine harytlaryny ýerlemek üçin işjeň elektron söwda
meýdançasy bolup, önüm öndürijiler bilen bir hatarda, satyn alyjylar üçin hem
oňyn şertler döredildi.
Söwda platformasy raýatlaryň öýlerinden çykmazdan gerekli harytlary bilen
tanyşmaga, satyn almaga we sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ykjam
programmada geçirilýän ähli aksiýalar, arzanladyşlar barada habarly bolmaga
mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda platformada ýerleşdirilen harytlaryň
görnüşi 10 000-den geçdi.
Ýurdumyzda raýatlaryň internet ulgamynda wagtlaryny medeniýetli
geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, «Belet film» onlaýn kinoteatr
platforma döredilip işe goýberildi.
Bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen,
ulanyjylara wideolaryny platforma ýüklemäge we beýleki ulanyjylar tarapyndan
döredilen mazmuny tapmaga mümkinçilik berýän «Belet Video» hyzmaty işle
goýberildi.
«Belet Video» hyzmaty, ykjam enjamlar we akylly telewizor ýaly dürli
platformalarda elýeterli bolup, ulanyjylaryň wideolary islendik ýerde we özleri
üçin amatly enjamlarda görmäge, hyzmatyň ýeňilleşdirilen aýdyň sahypasy,
ulanyjylara gyzyklanma bildirýän wideolaryň zerur mazmunyny çalt öwrenmäge
we tapmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda sanly
ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary
ornaşdyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga,
sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, şäherde sanly bilim we sanly
lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmäge, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini
giňeltmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri
döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda, 2022 – 2028-nji ýyllarda, ykjam aragatnaşygyň
hereket edýän CDMA ulgamyny döwrebaplaşdyryp, GSM aragatnaşyk standartyna
geçirmek bellenen.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan döwrebap 5G ülňülerini
ýurdumyzda işe goýbermegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.
5G tehnologiýasynyň maglumatlary geçirijilik mümkinçiliginiň has
ýokarydygyny göz öňünde tutup, bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini hususanda
«Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny, internet zatlary, zawotdyr-fabriklary
sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerinde, önümçilikde giňden peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen aragatnaşyk pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, iň täze sanly tehnologiýalar yzygiderli
ornaşdyrylýar, pudaga daşary maýa goýumlary çekilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde
«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek,
awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we
giňeltmek, Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek we Internet
ulgamyny kämilleşdirmek taslamalary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň
kararlary kabul edildip, bu ugurlarda degişli işler tamamlaýjy tapgyrda alynyp
barylýar.
Häzirki wagtda, maglumat geçiriş multiserwis toryny kämilleşdirmek
taslamasy boýunça Internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin enjamlar
toplumlary we olar üçin niýetlenen programma üpjünçilikleri giňeldilýär. Bulardan
başga-da FM radioýaýradyş toruny ösdürmek taslamasy boýunça radioýaýradyjy
enjamlar toplumlary ýurdumyza getirilip gurnaldy we işe girizildi.
Häzirki wagtda «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny
ösdürmek taslamasy boýunça daşary ýurtlaryň öňde baryjy kompaniýalarynyň
döwrebap enjamlar toplumlary ýurdumyzda gurnaldy. Netijede ýurdumyzyň ähli
ilatly nokatlarynda ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň giň
mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, hususan-da giň zolakly öýjükli Internet
ulgamyndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda internet ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy
boýunça baglaşylan şertnama laýyklykda ähli enjamlar toplumlary ýurdumyzyň
çäklerine getirilip gurnaldy.
Maýa goýum taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda FM radioýaýradyş
toruny ösdürmek taslamasy boýunça ähli enjamlar toplumlary ýurdumyzyň
çäklerine ornaşdyryldy. Geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli ilatly
nokatlarynda 4 milli radioýaýlymlarymyz ýaýlyma goýberildi.
SANLY HYZMATLAR
Internet ulanyjy sany 3 195 919 müşderi, olardan:
441 010-sy simli internet ulanyjy;
2 754 909-sy sany öýjükli internet ulanyjy.
Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça daşky internet kanalyň kärendä alynýan
bölegi 170 gigabit/sekunda ýetdi, içki internet kanalyň ulanyşy 95
gigabit/sekunt.
Häzirki wagtda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna jemi 515, ýagny 41
onlaýn tölegler we hyzmatlar, 268 sany maglumat hyzmatlary, şeýle hem döwlet
edaralarynyň 158 sany web-saýtlaryna we 48 sany amala aşyrýan hyzmatlaryna
salgylanmalar ýerleşdirilen.
Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynda jemi 42 315
sany şahsy otaglar döredildi.
Şeýle hem, «start» messenjer işe goýberildi. Häzirki wagtda, ulanyjy
sany 396 565-den geçdi. Onuň ulanyjy sany her gün artýar.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynda «Çapar» mobil
programma üpjünçiligi işe goýberilip, onuň ulanyjy sany 176 299-den geçdi.
Salgydan salga eltip berme – «Çaparçylyk» hyzmatyndan diňe ýanwar aýy
boýunça 5 279 sany sargyt boldy.
Bulardan başga-da, Kompaniýanyň post.tm internet web-saýtynda
müşderiler «Şahsy otag» arkaly aragatnaşyk, jemagat we Polisiýanyň ýol
gözegçilik gullugynyň administratiw hukuk bozulmalarynyň töleglerini tölemek,
«Çapar çagyrmak», «Ýollamalary ugratmak», «EMS ýollamalary ugratmak»,
«Ýollamanyň nirededigini anyklamak», «Poçta aragatnaşyk bölümleriň
nirededigini anyklamak», «Nyrhnamalary öwrenmek», «Online usulda gazet we
žurnallara ýazylmak» ýaly amallary ýerine ýetirip bilerler.
Ýurdumyzda internet söwda ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň
çäklerinde, shop.post.tm elektron söwda platformasy işe goýberildi, 9 158
sany haryt görnüşleri ýerleşdirilen. Müşderi sany 8 325-den geçdi.
Bulardan başga-da, häzirki wagtda, ýurdumyz boýunça abuna ýazylyşygyna
2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin jemi 210 395 abunaçy online görnüşde ýazyldy.
« sanly.tm » milli elektron poçtasy işe girizildi. Häzirki wagtda milli
bukjasyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 42 717-e ýetdi. Korporatiw
domen 252 sany.
Ýurdumyz boýunça jemi 1 068 sany internet web-saýtlar bellige alyndy,
olardan 312-si elektron söwda nokatlary we Internet dükanlary. Saýtlaryň 209-
sy şertnamalaýyn esasda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilige
alyndy.
Wirtual serwerleri (VPS, VDS,) kärenda bermek hyzmatlaryndan
peýdalanýan ulanyjylaryň sany artyp, hosting hyzmatlaryndan peýdalanýan
ulanyjylaryň sany 1 132-e ýetdi. Kolokasiýa (Сollocation) serwerleri kärendesine
bermek hyzmatynyň nyrhnamalary 4 esse arzanladylydy we ulanyjylaryň
sany 18 boldy.
Online kinoteatr platformasy (Belet film) döredildi. Hazirki wagtda bu
hyzmatdan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 87 601-den geçdi. (telekom – 37 312,
AŞTU – 11 241, şahsy – 39 048)
«Belet wideo» – youtube görnüşde milli programmanyň ulanyjy sany 16
103 ýetdi.
«Milli One» antiwirus programmasy taýýarlanyp işe goýberildi.
«Milli One» antwirus programmasy – daşary ýurtlaryň antiwirus programmalaryny
öndüriji öňdebaryjy kompaniýalarynyň programmalary bilen yzygiderli
döwrebaplaşdyrylyp, olaryň maglumat binýatlary bilen maglumat alyş-çalşygy
ýola goýuldy. Häzirki wagtda bu antiwirus programmasyny satyn almaga daşary
ýurtlardan sargytlar gelip gowuşýar.
«Milli Billing» – «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetinde guralyp, işe girizildi. «Milli Billing» milli hasaplaýyş billing ulgamy
programma öndürijileriň reýestrina girizildi.