"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Ýolagçylaryň dykgatyna, syýahat düzgünlerinde üýtgeşmeler!

Ýolagçylaryň dykgatyna, syýahat düzgünlerinde üýtgeşmeler!

Hormatly ýolagçylar, ýurdumyzyň çäginde sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny berkitmek maksatly gatnawlaryň käbir ugurlarynda syýahat üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyna üýtgeşmeler girizildi. Üýtgeşme girizilen ugurlar onlaýn bilet satyn alan wagtyňyz internet saýtynda ýa-da mobil programmalarda size aýratyn ýatladylar.

  1. Çäklendirmeler girizilen ugurlardaky ýolagçylaryň otlylara münmezden ozal, şahsyýeti anyklaýan resminama bilen birlikde, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan kepilnama ýa-da içeri işler edarasy tarapyndan rugsatnama, ýa-da iş saparyna barýandygyny anyklaýan resminama hem gözegçilik nokatlarynda soralýandygyny habar berýäris.

  2. Şeýle hem, mundan beýläk ýolagçylar otlynyň ugramagyna azyndan 45 minut galanda demir ýol stansiýalaryna we menzillerine gelmeli we barlag nokatlaryndan geçmeli.

Onlaýn bilet satyn alýan ýolagçylaryň zerur bolan resminamalary bolmadyk ýagdaýynda, otla mündürilmejekdigini ýatlatýarys!