Русский
Habarlaşmak

Aşgabadyň 1970-nji köçesine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundan başlap, Halkara Kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçesine germaniýaly meşhur kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Professor Hans Maýsner şaýoly» diýlip atlandyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Karary kabul edildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu çözgüt bütin dünýäde giňden tanalýan germaniýaly meşhur kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, professor Hans Maýsneriň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, türkmen-german gatnaşyklarynda saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa ugruny ösdürmekde, türkmen lukmanlarynyň arasynda halypa-şägirtlik mekdebini döretmekde, ýokary derejeli saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamakda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň haýyşnamasy we Aşgabat şäher häkimliginiň towakganamasy nazara alnyp kabul edildi.

Belläp geçsek, şu gün --- 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gurlan “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen, germaniýaly meşhur kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakylan şaýoluň açylyş dabarasy boldy.