Русский
Habarlaşmak

Indi ähli biletlerde «Bir gezeklik ýapynjalar» elýeterli

Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – ýagny «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Bir gezeklik ýapynjalar» ýolagçylara tämiz düşekleri elýeterli etmek arkaly mikroplar bilen galtaşma ähtimallygyny azaldýar.

Ýolagçylar ýapynjalaryň arassalygyny we diňe özleri tarapyndan ulanylýandygyny bilip has rahat syýahat ederler. Bu täzelik her bir ýolagça şahsy çemeleşme esasynda hyzmat edilýandigini görkezýär.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli ýolagçylaryň howpsuz, rahat we amatly syýahat etmegine ymtylýar. “Bir gezeklik ýapynjalary” hödürlemek arkaly ähli ýolagçylaryň arassaçylyk tarapdan bolan isleglerini kanagatlandyrarys hem-de otlylaryň gigiýeniki we rahatlyk şertlerini ýokarlandyrmaga tarap täze ädim ätýäris.

Şeýle-de “bir gezeklik ýapynjalary” kassadan, terminaldan ýa-da onlaýn görnüşde «Türkmenistan Railways» ykjam goşundylarynda bilet alanda, ýapynja görnüşini saýlap alyp bilersiňiz. Ýapynjanyň bahasy bilediň umumy bahasyna goşular we satyn alyş işini ýönekeý we amatly eder.

Täze teklibiň saparyň hilini gowulandyrmagyň ýönekeý usulyny gözleýän ýolagçylaryň arasynda has-da meşhur bolmagyna garaşylýar.