Русский
Habarlaşmak

Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Täjigistan Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara giňişlikde öz at-abraýyny yzygiderli berkidýändigini belledi.

“Ýakynda Duşenbe şäherinde geçiren duşuşyklarymyz biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga güýçli itergi berdi. Biz mundan beýläk-de Täjigistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýarys hem-de özara gatnaşyklarymyzy giňeltmek boýunça teklipleridir başlangyçlary goldaýarys” diýip, Gahryman Arkadag gutlag hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.