19 Fewral, 2024
«Türkmenhowaýollary» agentligi ýanwar aýynda hyzmatlarynyň mukdaryny 62,8 göterim artdyrdy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň birinji aýynda hyzmatlaryň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,8 göterim artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.
Ýanwar aýynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103,8 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 106,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 162,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 110,5 göterime deň boldy.
Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly hyzmatlary ýerine ýetirmek, ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça amala aşyrylan işler barada-da habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtap, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini hem giň gerimde dowam etmek barada agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.