Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär. Aşgabatda, Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş başlandy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Soňra Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş başlandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralan bu baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezilýär.