Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda rus Lideri türkmen döwletiniň Baştutanyna ýüzlenmek bilen:
"Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň ýurduňyz ykdysady we durmuş ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe barýar, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolýar" diýip belleýär.
Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, rus-türkmen gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Moskwa hem Aşgabat işjeň syýasy dialogy alyp barýar, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
"Dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz esasynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigimize ynanýaryn" diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda ýazýar we Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, üstünlik, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýär.