Русский
Habarlaşmak

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na

Eziz wa­tan­daş­lar!

Hor­mat­ly adam­lar!

Si­zi gö­zel Di­ýa­ry­myz­da giň­den we da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän mil­li baý­ram — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­ziň ga­zan­ýan äh­li üs­tün­lik­le­ri­miz, ýe­ňiş­le­ri­miz, ber­ka­rar­ly­gy­myz hem-de bag­ty­ýar­ly­gy­myz öz göz­ba­şy­ny mil­li buý­san­jy­myz bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan alyp gaýd­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan aja­ýyp baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň, gö­wün gal­kyn­dy­ry­jy wa­ka­la­ryň eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­mi­zi, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi hem-de je­bis­li­gi­mi­zi has-da ber­kit­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn.

33 ýyl mun­dan ozal Ga­raş­syz döw­let hök­mün­de dün­ýä­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­na bu gün şöh­rat­ly we ýe­ňiş­li sa­hy­pa­lar ýa­zyl­ýar. Bi­ziň her bi­ri­mi­ziň dur­mu­şy­my­zy düýp­gö­ter öz­gerd­ýän mak­sat­la­ry­myz ha­syl bol­ýar, ýur­du­my­zy dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­mak­da tä­ze be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Her bir gü­ni, her aýy, ýy­ly örän mö­hüm sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni hem-de jem­gy­ýet­çi­lik wa­ka­la­ryn­dan do­ly tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň jem­gy­ýe­ti­mi­zi bir­leş­dir­ýän mil­li döw­le­ti dö­ret­mek ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny gol­da­nyp, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň bin­ýat­la­ry­ny ber­kid­ýä­ris. Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­niň dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça tap­gyr­la­ýyn iş­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys.

Mer­da­na hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň de­re­je­si­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bäs­deş­li­ge ukyp­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mek bo­ýun­ça oý­la­ny­şyk­ly, on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýan mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­ri­ni, we­la­ýat­la­ry­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan top­lum­la­ýyn ös­dür­ýä­ris. Di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak we döw­re­bap­laş­dyr­mak ar­ka­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­sion esas­da ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Mil­li mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li gur­lu­şyk­lar, dün­ýä­niň iň kä­mil teh­ni­ka­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­ler, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň, ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan üs­tün­lik­le­ri­miz äh­li­mi­zi örän buý­san­dy­ryp, yl­ham-joş­gun ber­ýär, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýar.

Ýur­du­my­zy öz­gert­mek­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi, iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy­myz bo­lan ada­myň ber­ka­rar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­mi­zi bu gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Biz Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­na ga­bat­lap, döw­re­bap dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ry açyp ulan­ma­ga tab­şyr­dyk. Öz ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­mi­ziň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­ýan uly möç­ber­li tas­la­ma­nyň — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň esa­sy tap­gy­ry bo­lan Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­dik. Şeý­le hem ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, lo­gis­ti­ka des­ga­la­ry­ny aç­mak we düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­dik. Mu­nuň özi bi­ziň mil­le­ti­mi­ziň ägirt uly ru­hy gal­ky­ny­şy­nyň, döw­le­ti­mi­ziň gurp­lu­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Eziz wa­tan­daş­lar!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yg­ty­bar­ly, jo­gap­kär­li we ynam­dar hyz­mat­daş hök­mün­de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bi­ziň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­myz hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de yzy­gi­der­li gol­daw tap­ýar. Biz öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­my­zy gi­ňel­dip, eziz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça dost­luk­ly, açyk we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­ýä­ris. Bu ugur­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, aý­ra­tyn-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da iş­jeň­leş­dir­ýä­ris.

Hor­mat­ly adam­lar!

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de gül­läp ös­ýän Wa­ta­ny­myz, Ga­raş­syz­ly­gy­myz we Bi­ta­rap­ly­gy­myz, ag­zy­bir­li­gi­miz hem-de je­bis­li­gi­miz ba­ra­da öňe sür­len gym­mat­ly tag­ly­mat­lar äh­li­mi­zi nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň bäh­bi­di­ne be­lent mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz üçin alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­mi­zi güýç­li dep­gin­ler bi­len do­wam et­di­re­ris. Wa­ta­ny söý­me­giň berk bin­ýat­ly däp­le­ri­ne, pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti gur­mak­da­ky mil­li tej­ri­bä­mi­ze da­ýa­nyp, äh­li ta­gal­la­la­ry­my­zy dün­ýä­dä­ki or­nu­my­zy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de güýç­len­dir­mä­ge gö­nük­di­re­ris.

Eziz wa­tan­daş­lar!

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ziň äh­li­ňi­ze berk jan sag­lyk, eg­sil­mez bag­ty­ýar­lyk hem-de maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin. Goý, ro­waç­lyk­la­ryň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün, onuň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­syn!

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti

Ser­dar BERDIMUHAMEDOW.