Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy döwletleriň energetika ministrleriniň 4-nji mejlisi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada «Trend» habar berýär.
Mejlisde Türki döwletleriň guramasyna agza hem-de synçy ýurtlaryň arasynda «TDG-niň energetika hyzmatdaşlygynyň maksatnamasy (2023 — 2027-nji ýyllar)»
esasynda energetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de forumyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem geçirilmegine garaşylýar.