Русский
Habarlaşmak

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de ýurduň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň we özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak öz beýanyny tapdy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň abadançylygyny we Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän, ýurtda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar barada wekiliýet agzalaryna giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär.

Germaniýadan, Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň däp bolan dostluk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we dürli ulgamlarda daşary döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde tagallalaryny görkezýändigini buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň barşynda birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy-da boldy.

DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.