Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda hasabatlary diňledi. D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň, ýurduň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara forumyň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, onda Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler, maýa goýum serişdelerini çekmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadag täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigi bellenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine üns berilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli senenamada möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli künjegini şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler gurşap alar.
Gahryman Arkadag Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, şanly senelere taýýarlyk görülýän günlerde şäheriň çäklerinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli amala aşyrylmalydygy, şunda jemagat hojalygy edaralarynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmalydygy barada aýdyldy.
Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlarynyň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny üpjün etmek ugrunda bilelikdäki tagallalaryň alnyp barylmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde ornaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine we baýlaşdyrylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şäheriň täze gurulýan binalaryna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, döwrebap usullaryň özleşdirilmegine zerur üns berilmelidigi barada hem aýdyldy. Gahryman Arkadag bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini tabşyrdy.