Русский
Habarlaşmak

Arkadag şäherinde mehaniki haly sergileýiş elektron enjamy ornaşdyrylar

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy we saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Gahryman Arkadaga görkezilen taslamalaryň hatarynda täze şäherde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri hem bar.

Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg serişdelerine hem möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, binalaryň içinde bezeg serişdeleri bilen owadan görnüşli halylaryň sazlaşykly ulanylmalydygyny tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mehaniki haly sergileýiş elektron enjamynyň döwrebap derejede ulanylmagyna, onda häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň, täzeçil usullarynyň işjeň peýdalanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde şöhrat gazanan türkmen halylaryny tanyşdyrýan maglumatlaryň dünýä dillerinde beýan edilmelidigi, munuň şähere gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin düşnükli bolmagynda ähmiýetlidigi barada hem aýdyldy.