5 Awgust, 2024
Filmleriň görkezilişi, sergiler hem konsertler: Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

7 — 11-nji awgust aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirijilerini, sazandalary, folklor toparlaryny, medeniýet işgärlerini, kino sungatynyň wekillerini, muzeý işi boýunça hünärmenleri hem-de žurnalistleri özünde jemleýän döredijilik wekiliýeti gatnaşar. Bu barada «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berýär.
Çäräniň dabaraly açylyşy Budapeşt şäherindäki Miras öýünde geçer. Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, surat hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, milli egin-eşikleriň görkezilişi guralar.
Beýik türkmen şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, türkmen kinolarynyň görkezilişi, türkmen milli senetleri boýunça ussatlyk sapaklary ýaýbaňlandyrylar.
Türkmen wekiliýeti şu ugruň çygryndaky däp-dessurlaryň goralmagynyň, gadymy wenger we beýleki sähraýy medeniýetleriň galkynyşynyň baýramçylygy bolan «Kurultaý» medeni çäresine hem gatnaşar. Bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlary folklor çykyşlaryny ýerine ýetirerler we zenanlaryň milli lybaslarydyr ajaýyp el işleri görkeziler.
Türkmenistanyň Wengriýadaky Medeniýet günleri 11-nji awgustda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlanar.