Hökümet Moskwa — Sankt-Peterburg ýokary tizlikli magistralyny gurmak taslamasyny öz-özüni üpjün edýänleriň sanawyna goşdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň telegram kanalynda habar berildi.
10-njy iýulda kabul edilen resminama hökümetiň saýtynda ýerleşdirildi.
Premýer-ministr Mihail Mişustin Milli abadançylyk gaznasyndan yzyna gaýtarmak şerti bilen, möçberi 300 milliard rubla çenli bolan serişdäni şu taslama gönükdirmegi tabşyrdy. Aprel aýynda Prezident Wladimir Putin bu serişdeleriň ilkinji on ýylyň dowamynda her ýyl 1 %-den gowrak göterim bilen ulag infrastrukturasynyň gurluşygy üçin niýetlenen karzlar boýunça bölünip beriljekdigini aýtdy.
Mişustin çekilen maýa goýumlaryň möçberiniň umumy 2 trillion rubldan gowrakdygyny aýtdy. Munuň özi zerur infrastrukturany döretmek, ýokary tizlikli otlulary we aýlawly dolandyryş ulgamyny satyn almak üçin ulanylar. Maliýe ministrligi iýun aýynyň ahyrynda ýokary tizlikli demirýol gurluşygynyň bahasynyň 1,8 trillion rubl boljakdygyny aýtdy.