Русский
Habarlaşmak

Dalaşgär-2024 Aşgabatda ýaş telekeçiler üçin tölegsiz okuwlar başlanýar

29-njy iýuldan başlap her hepdäniň 1-3-5-nji günleri sagat 16:00-da Ýaş telekeçiler merkezinde TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan Enneagram, ýagny «Özüňi bilmek we özgeleri tanamak» sungaty boýunça «Jemgyýetde aragatnaşyk edebi», «Telekeçilik ulgamynda iş edebi boýunça sowatlylyk» ýaly birnäçe okuw çärelerini geçirilýär.

 

Okuw 10 sapakdan ybarat bolup, her sapak 108 minut dowam edýär.

 

Mundan daşary hem her hepdäniň ýekşenbe güni sagat 11:00-dan 13:00-a çenli «Ýaşlary telekeçilige höweslendirmek taslamasy» atly okuw sapaklary geçirilýär. Bu sowatlylyk çäresi hem tölegsizdir.

 

Okuwlara gatnaşmak isleýän ýaş telekeçiler yashtelekechilermerkez@gmail.com salgysyna adyny, familýasyny hem-de telefon belgisini ýazyp ugradyp bilerler.

 

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81. 

 

Goşmaça habarlaşmak üçin: +99362010292 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.